Wans Fransiýa

Kartada Wansanyň myhmanhanalary


Wans (fransuzça Vence) – Antib port şäherinden we öwşün atyjy Nissadan birnäçe kilometr uzaklykda, Fransiýanyň Lazur kenarynyň Prowansynyň gündogarynda merkezde ýerleşýän rahat uly bolmadyk kurort. Wansy fransuz äheňinde köolenç “ussatlaryň we suratkeşleriň şäheri” diýip atlandyrýarlar.

Hakykatdan-da Wansda köp meýdançalar sungata – onuň dürli görnüşine niýetlenendir. Olar özboluşly aýratynlygy bolan suw çüwdürimleri we heýkeller, suratkeşleriň sergileri we galereýalary, senetçilik ussahanalary. Bu ýerde sungaty ýüze çykarmak üçin iň derejeli ugurlar we “giňişlikler” gurnalan.

Deňiz çyzygyndan kän bir uzakda ýerleşmezden, Lazur kenaryna we goňşy şäherlere olaryň ýatdan çykmajak tebigat peýzažlaryna ajaýyp görnüşi açýan Wans öňki döwürlerde hem sungat adamlaryny özüne çekipdir. Matiss, Şagal, Dýufi, Karzu we başgada köp meşhur suratkeşler bu şäherde ýaşap, onuň medeni mirasyna bahasyna ýetip bolmajak goşant goşupdyrlar.

Mundan başga-da XX asyryň ortalarynda Wansda Ýewropanyň iň bir täsirli we abraýly ýapyk medeni guramasy – Margaritanyň we Aime Maetyň gaznasy döredilipdir. Bu gazna häzirkizaman sungatynyň ähli hereket edýän görnüşlerini – arhitekturadan suratkeşlige we edebiýat sungatyna çenli goldamak maksady bilen döredilipdir.

Bu guramanyň ýolbaşçylygynda köp sanly daşy ýonup döredijiler we söz ussatlary işläp, şäheriň jebis medeni giňişligini döredipdirler – meselem, Giacometti howlusy ýa-da Miro labirinti, Şagalyň haýrana galdyryjy mozaikasy, Býuriniň suw çüwdürimi we basseýni.

Ванс — город искусства на Лазурном Побережье

Wansyň gala diwarlarynyň daşynda

Wans daşynda dürli biçüwdäki akhitektura gurluşyklary bolan gala diwarlary bilen gurşalan, bu bolsa uly bolmadyk şäheriň baý geçmişine şaýatlyk edýär – olar grek ýerine ýetirilmesindäki has gadymy desgalar we Bel döwrüniň binalary, şeýle hem barokko biçüwleri.

Wansyň öz ysy bar – bu şäherde ýetişen zeýtunlaryň we pyrtykal agaçlarynyň we gülleriň – bägülleriň, jasminiň we lawandanyň yslary garyşan. Bu yslaryň bark urmasynda uzyn günüňi Köne Şäheriň daş düşelen köçelerinde seýil etmekde geçirip bolar. Dünýäniň iň kiçi meýdançasy la place Vieille, ajaýyp suw çüwdürim du Peyra we IV asyrda gurlan Wansanyň buthanasy – La Cathedrale Notre-Dame de la Nativite görmek bolar. Bu buthananyň diwarlary Mark Şagalyň mozaikasy bilen bezelen.

Günbatarda Köne Şäherde Wilnew (fransuzça, Chateau de Villeneuve) galasy ýerleşýär, ol XVII asyrda gurlan we bu gala XII asyrda gurlan minara hem degişlidir.

Wansa dolulygyna Matisyň arhitektura meýilnamalary esasynda gurlan meşhur buthanasyny (fransuzça, La Chapelle du Rosaire) görmäge gelýärler. Häzirki wagtda hem ol ýerde beýik ussadyň işleri saklanýar.

Özüniň taryhy geçmişe degişliligi bilen buthanada uzak bolmadyk ýerde ýerleşýän Place du Frêne meýdançasy hem haýrana goýýar. Ol ýer şähere Pawel III  we Fransua I gelenlerinde XVI asyrda dagdan agajynyň ekilmegi bilen şeýle atlandyrylypdyr.

Wansda hökmany ýagdaýda görülmeli birnäçe meşhur willalar bar – ol nepis we jennet bagyndaky “arzuw” mekanyny ýatladyp, ýaşyl baglara bürenip oturan «Le Reve». Bu ýeri ýaşamak we döretmek üçin Anri Matissyň saýlap almagy geň galdyryjy däldir.

Ýene bir kaşaň willa «Les Olivades» bilen rus balet tansçysy Ida Rubenşteýniň ady baglanyşyklydyr, ol willada durmuşynyň 7 ýylyny ýaşap Wansda aradan çykypdyr.

Notr-Dam-de-Fler (fransuzça . Notre Dame des Fleurs) gadymy “şatosy” öz diwarynda taryhy syrlary saklaýar, köp sanly oturgyçlar we ussahanalar Lazur kenarynda ýerleşýän adaty fransuz şäheriniň atmosferasyny döredýär.

Wans özüniň köp sanly ajaýyp baýramçylyklary bilen meşhur – Gül Söweşleri, Däpleriň Festiwaly, Şahyrlaryň Ýazy, Ussatlaryň Ýarmarkasy we diňe bir Ýewropadan däl, eýsem Meksikadan, Perudan, Wenesueladan we Afrikadan gatnaşyjylary ýygnaýan, bütindünýä meşhur “Günortanyň Gijeleri” saz şowy.

Wansda Fransiýanyň Lazur kenarynyň tebigy gözelliklerini synlap, onuň taryhy mirasyna aralaşyp, meşhur ýeralma nýokilaryny («Le gnocchi») we pastisy (anis wermuty) dadyp görüp hem-de iň gowy aýdymçylaryň aýdymyna gijäni ukusyz geçirmek bolar.