Kan-sýur-merde apartament tapmak

Kartada Kan-sýur-meriň myhmanhanalary


Kan-sýur-mer (fransuzça Cagnes-sur-Mer) – Nissa uçarly gelen wagtyň ilkinji bolup görünýän, Fransiýanyň Lazur kenaryndaky örän gyzykly, özüne çekiji we enaýy kurort. Munuň sebäbi, howa menzili, özüniň uçuş-gonuş ýodalary bilen, Kan-sýur-mere ajaýyň görnüş açylar ýaly gurlupdyr. Şäher fransuz Riwýerasyna gelen her bir myhmany özüniň ýaşyllygy we arassa deňzi bilen garşylamaga şat. Şäher göni iki tarapa uzalýar: 4 kilomet töwereginde plýaž çyzygy boýunça we öwşün atýan Nissadan uzak bolmadyk aralyga.

Kan-sýur-mer – bu gyzykly haç görnüşde ýerleşýär, şeýle seredeniňde ol deňizýaka zolagyna bölünýär – deňziň gyrasynda maýdal seýil etmek üçin giň we owadan kenar Cros-de-Cagnes hem-de “hereketli” diýilýän we oturymly ýaşaýyş ýeriniň taryhy bölegi, beýiklikde, daglarda ýerleşýän kaşaň willalar we ýaşaýyş jaýlary bolan Haut-de-Cagnes, “beýik Kana” bölünýär. Şäheriň iň gadymy we merkezi bölegi deňizden uzakda ýerleşýär, ol ýerden goňşy ýerlere haýrana galdyryjy görnüşler açylýar – beýik Alplar, öwüşginli Nissa, we elbetde çägi bolmadyk deňiz.

Haçanda  köp sanly dynç alynýan ýerleri, rahat kafeleri, senetçilik ussahanalary we içki bezegi örän batyrgaý bolan inçe syrly restoranlary bolup, Cros-de-Cagnes häzirkizamanyň “ýüzi” bolup çykyş edýärkä, “Beýik Kan” özüniň taryhy ýerleri bilen şäheriň taryhynyň keşbini görkezýär.

Şäheriň durmuşynda esasy orny, ýylyň islendik wagtynda dürli görnüşli çäreleriň, festiwallaryň, sergileriň, otly şowlaryň geçirilýän ýeri – Kan-sýur-meriň ajaýyp kenarýakasydyr. Nissada bolşy ýaly – bu ýer şäheriň iň ”janly” ýeridir.

Галечный пляж Кань-сюр-Мер

Kan-sýur-meriň taryhy mirasy

Fransiýanyň Lazur kenarynyň beýleki şäherlerinde bolşy ýaly, arheologlar Kan-sýur-merde hem Rim imperiýasynyň döwrüne degişli, we bu ýerde grekleriň bolandygyny subut edýän gymmatly taryhy artefaktlary tapýarlar – olar küýzeler, öý hojalyk we içki bezeg predmetleri, şaý-sepler, çakyr ýasamak we zeýtun ýagyny almak üçin gerekli abzallar.

Şäheriň ady hem örän gyzykly – ol öz başlangyjyny Monakonyň meşhur knýazynyň neslinden bolan – Žan-Anri Grimaldiden alyp gaýdýar, ýönekeý halkyň içinde oňa “Baron de Kan” diýipdirler. Bu ýolbaşçy XVII asyrda Fransiýanyň howandarlygyna geçip şa öz kasamyny beripdir. Kan-sýur-meriň töwereginde gurlan galany ol hakyky köşge öwrüp, olary kowulmaga mejbur etjek Fransiýadaky Beýik Rewolýusiýa çenli ol we onuň nesilleri kaşaňlykda döwran sürüpdirler. Taşlanan kaşaň rezidensiýa bilen hususy şahslar gyzyklanypdyrlar we satyn alypdyrlar, netijede onuň görki täzelenipdir (fransuzça, Chateau Grimaldi). Häzirki wagtda Grimaldiniň galasynyň diwarlarynda iki sany sergi ýerleşdirilipdir – olaryň biri zeýtunyň bagynyň önümçiligine degişli, beýlekisi bolsa kabare degişli – onuň ýyldyzlarynyň portretleri galanyň diňe bir diwaryny tutanokdyrlar.

Ilkibaşda Kan-sýur-mer uly bolmadyk balykçylyk ýanalgasy bolupdyr, bu ýerlerde “cagnes” diýlip atlandyrylýan uçly burunlary bilen tapawutlanýan köp sanly gaýyklar urganlanypdyrlar, şäheriň ady hem şundan gelip çykypdyr.

Deňziň ajaýyp görnüşleri we Kan-sýur-meri gurşap alýan plýažlar öňki döwürlerde hem döredijilik kärinde işleýän adamlary, ilki bilen adyny agzamaly Ogýust Renuar ýaly impressionist-suratkeşleri özüne çekipdir. Dörediji bu ýere göçüp gelenden soň, gözel Kandan aýrylyp bilmändir, ömrüniň 12 ýylyny bu ýerde ýaşap, Fransiýanyň Lazur kenarynyň bu ajaýyp ýerinde aradan çykypdyr. Bu ýerde Renuar öz döredijiligi üçin täze reňkleri we taglymlary tapypdyr.

Kan-sýur-Merde bu meşhur suratkeşiň zeýtun we sitrus agaçlary bilen gurşalan öý-muzeýi (fransuzça Musee Renoir) bar. Suratkeşiň döredijiligini söýüjilere onuň işlän ussahanasy, ony gurşan esbaplar, onuň işleri gyzykly bolsa gerek. Muzeý 2013-nji ýylda täzelenipdir.

Кань-сюр-Мер

Nissa bilen goňşuçylykda

Kan-sýur-Mer ýyly deňiz, mylaýym Gün bilen duşuşmak isleýänlere, şagalaňyň we täze täsirleriň atmosferasynda ýaşamagy halaýanlara özüne çekiji we islegli ýer bolup biler. Uly bolmadyk, deňiz ýakasyndaky şäher, goňşy Nissa bilen deňeşdireniňde ümsüm we rahat ýer bolup görner. Daş-töwerekde köp syýahatçy bolmazdan, alňasamazdan dynç almagy almagy halaýanlar Kana isleg bildirýärler. Ýöne bu şähere düýbünden ümsüm diýip hem bolmaýar – merkezi seýil ýerlerine parallel awtomobil ýol geçýär.

Kan-sýur-Mer bütin toplumy emele getirýän kenarýaka myhmanhanalarynyň uly görnüşleri bilen öwnüp biler, meselem Nemea Residence de Lido.

Kan-sýur-Meriň plažy ownuk çagyl bilen düşelen, bu bolsa ony Nissadnan kän bir tapawutly etmeýär.

Beýleki güýmenjelerden bu ýerde Terrazur kazinosy we Lazur kenaryň aýlawy bar.

Kan-sýur-Merde siziň ýüregiňiz gysmaz!