Grassda apartamentleri tapmak

Kartada Grasse myhmanhanalary


Grass (fransuzça Grasse) – Zýuskindiň meşhur romanynyň sahypalarynda, ondan has öň bolsa özüniň parfýumeriýa önümçiligi şöhrat gazanan, Fransiýanyň Lazur kenarynyň iň owadan we iň romantik şäherleriniň biridir.

Öz eserinde awtor Grassyň esasy “baýlygyny” – inçe syrly atyrlara gutarnyksyz çeşme bolýan, al-ýaşyl öwüsýän çemenliklerini görkezipdir – gadymy döwürlerden bäri “şäher onuň aýak astynda burk urýan, uly hoşboý ysly pyýala eýedi”.

Grass – bu öz gözelliklerini özünde saklaýan, oňaýly ortaýer şäheri. Ol ajaýyp prowansal depelerinde, Mužendan biraz demirgazykda, hakyna seredeniňde deňizden biraz uzakda, Kannadan 16 kilometr demirgazyk-günbatarda ýerleşýär. Grassda bu ýeriniň gül açyp, burk urýan ösümlikleriniň ysyny halaýan şa zenany Wiktoriýanyň bolmagy halandygyny aýdýarlar.

Grassyň parfýumeriýa önümçiligi köne döwürlerden bäri gülüň ýaşaýyş güýjüni hoşboý ysly we jadyly essensiýa öwrüp bilýän mistiki syr, alhimiýa bilen gurşalandyr. Grassda we onuň töwereginde atyrlary taýýarlamak syryna 30-dan gowrak resmi önümçilikler eýedirler. Bu ýerde deňi-taýy bolmadyk atyrlar we essensiýalar taýýarlanyp, soňra olar Dior, Lancôme we Estee Lauder ýaly meşhur brendlere satuwa gidýärler, olar öz gezeginde olary hususy aýratyn sortly atyrlara öwürýärler. Arassa gülgüne garylmadyk suwuklygyň bir litriniň 19 müň ýewro durýandygy gyzyklydyr.

Grassa gelen her bir adam atyrlara taýýarlamaga gatnaşyp we kärhanalaryň köp sanly sergi zallarynda bolup bilerler – Fragonar (fransuzça, Parfumerie Fragonard), Galimar (fransuzça, Parfumerie Galimard) ýa-da Molinar (fransuzça, Parfumerie Molinard).

Музей истории и искусства Прованса


Taryhy Grass

Grass atyrlaryň paýtagty adyna eýe bolmagy bilen, bolup geçen taryhy ýagdaýlara borçludygy gyzyklydyr. Aýtmaklaryna görä, orta asyrlarda şäherde örän köp deri ussahanalary bolupdyr, olar diýseň ýakymsyz yslary beripdirler. Ol ysy basmak üçin ýerli ýaşaýjylar güller ekip, gülçanaklary we ekinzarlyklary oturdypdyrlar, olar bolsa soňra parfýumeriýanyň ösmegine ýol açypdyrlar.

Ilkibaşda welin Grass “buthana” şäheri hasaplanyp, Antib ýepiskopynyň elmydama bolýan ýeri eken. Oturymly ýaşaýyş XI asyrda esaslandyrylypdyr.

Özüniň dolandyrýan döwründe Napoleon Bonapart Grassdan on bäş kilometr uzaklykda bolan Golf-Žuan butanasynda öz goşuny bilen düşüp, Pariža ugrapdyr. Beýik fransuz imperatorynyň bu ýoluna netijede onuň adyny goýarlar.

Благоухающий Грас

Grassyň esasy medeni ýadygärlikleri Köne Şäherde (Vieux Grasse) ýerleşendir, ol köpsanly häzirkizaman restoranlaryna, syýahatçylar üçin kafelere we dükanlara garamazdan, jaýlaryň aralygyndan eşik guratmak üçin niýetlenen gurluşlar bilen gadymylygyň täsirini we oba ýönekeýligini saklapdyr. Ýerli ýaşaýjylar bu ýerde öňden bäri biri-birini ýüzünden tanaýandyklaryny aýdýarlar we şäher hakyky obany ýadyňa salýar.

Grass gyşda, syýahatçylaryň gohly toparlary oňa hüjüm etmeýärkä – şeýle ümsüm we rahat.

Grassyň merkezi we uly ähmiýete eýe ýeri – Er meýdançasy. Bu ýerde her gün asyrlaryň dowamyndan bäri hereket edýän bazara barmak bolýar – mähirli satyjylar  miweleri, gök-önümleri we gülleri hödürleýärler. Eger-de siz meşhur Hôtel Isnard myhmanhanasynyň myhmany bolsaňyz, onda bazardaky başagaýlyga, meýdança çykýan demirden ýasalan balkonyňyzdan tomaşa edip bilersiňiz.

Şäheriň gadymy böleginiň çäginden daşynda, XII asyrda gurlan,täsiri uly buthana Notr-Dam-dýu-Pýui (Notre-Dame-du-Puy) ýerleşýär. Ol öz ganatynyň astynda Rubensiň we Lui Breanyň işlerini emaý bilen saklaýar.

Notr-Damyň golaýynda beýleki taryhy ýadygärlige – ýepiskopyň köşgüne syn etmek mümkin.

Uly ünse Prowansyň sungat we taryh Muzeýi (Musée d’Art et d’Histoire de Provence) eýedir. Onuň ilkinji eýesi we esaslandyryjysy Mirabonyň uýasy bolup, ol geljekki muzeýde ýokary gatlaklaryň şagalaňyny ýygnapdyr.  Bu ýerde häzirki günde ýüzükleriň, gülýakalaryň, zynjyrlaryň we gulakhalkalaryň, stol bezegleriniň baý kolleksiýasy, şeýle hem XVIII bütin aşhanasy görkezilen.

Muzeýiň beýleki gyzykly eksponatlaryndan galaýy bidesini we Mirobyň ölenden soňra ýüzünden aýrylan nikabyny görkezmek bolar.

Grasyň ýene bir taryhy ýadygärligi – Halkara parfýumeriýa muzeýi (Musée International de la Parfumerie). Elbetde bu ýerde baryp ha Gadymy Gresiýada ulanylan iň nepis hoşboý yslary we parfýumeriýa nusgalary saklanýar.

Благоухающий Грас


Dolanyp barasyň gelýän şäher

Grassyň ilaty elli müň adam töweregidir. Ýöne her ýyl ýaşaýjylaryň sany iki esse artýar. Syýahatçylaryň uly sany Köne Şäheriň we onuň töwerekleriniň gülleriň we baglaryň ysyndan burk urýan daş köçelerinde aýlanmak isleýär.

Grassyň territoriýasynyň klimaty dynç alşa örän laýyk gelýär – tomus yssy we ygal az düşýär. Bu ýeriň aýratynlygy, onuň howasyna gülleriň ysynyň – altyn pişikdyrnagyň, bägülleriň ekinzarlygynyň, jasminiň haýrana galdyrýan ysynyň, şeýle hem lawandanyň ysynyň siňmegindedir.

Fransiýanyň Lazur kenarynyň Gras şäheri – bu özüne çekýän, tebigaty bilen haýrana goýýan, ýene dolanyp barasyň gelýän şäher.